Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, il içinden höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň kalbynda milli sungatymyza söýgi döretmek ugrunda ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar.