Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň welaýatlarynda dermanhana pudagy kämilleşdirilýär
Jemgyýet
Ýurdumyzyň welaýatlarynda dermanhana pudagy kämilleşdirilýär
Çap edildi 29.08.2022
1909

Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Diýarymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümiň nobatdaky täze desgasynyň açylmagy ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky bimöçber aladasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, innowasion tehnologiýalara, lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryna esaslanýan saglygy goraýşyň ýokary netijeli ulgamynyň bu özboluşly milli nusgasyny işläp taýýarlamagyň gözbaşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukmançylyk babatda düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durýar.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Diňe şu ýylyň özünde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalary açylyp ulanmaga berildi. Olar dünýä belli önüm öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi.

Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar.

Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Bu kärhananyň ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ugra degişli desgalary dolandyrmakda tejribesi bar. Şu ýylyň aprel aýynda bu hususy kärhananyň Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde-de dermanhanasyny açandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Täze dermanhananyň iri lukmançylyk edaralarynyň — Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de “Ene mähri” merkeziniň golaýynda amatly ýerde ýerleşmegi adamlaryň yzygiderli gelmegini kepillendirýär. Häzirki zaman sanly enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana arakesmesiz, irden sagat 7-den 23-e çenli işleýär. Dermanhanada hasaplaşygy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyryp bolar.

Umumy meýdany 500 inedördül metr bolan bir gatly, ýagty we giň binada dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny satýan bölümler, ammar we beýlekiler ykjam ýerleşdirildi. Dermanhananyň işgärleri tejribeli hünärmenlerden, maslahat berýän lukmanlardan ybaratdyr. Bu bolsa alyjylara ýokary hünär derejesinde maslahat almaga mümkinçilik berýär.

Dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň giň görnüşleri hem-de lukmançylyk enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler, Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlarynyň derman serişdeleri we ýörite enjamlary hödürlenilýär.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatyny amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow