Mähriban Watanymyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň netijesinde emele gelen pajygaly ýagdaý zerarly iberen gynanç hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň söwda toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleridir.
Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyk babatdaky başlangyçlaryny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.