Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Jemgyýet
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Çap edildi 24.09.2022
2163

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ählihalk baýramyna — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna pugta ygrarlydygynyň aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda: “Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny tassyk edýär. Bu, aýratyn-da, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän Türkmenistan döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrýar” diýip nygtady.

Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 26 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 315 adama, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ynsanperwer we durmuş ulgamyny nazarlaýan, adamlaryň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny, hukuklarynyň, azatlyklarynyň, bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýän syýasaty yzygiderli amala aşyrýandygyny nygtady. “Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda oňyn orun eýeleýän ýurdumyz netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine anyk goşant goşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan migrasiýa ulgamynda, şol sanda raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de migrantlary durmuş taýdan goramak we olara deň mümkinçilikleri bermek meselelerini çözmekde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleri alyp barýar. 2012-nji ýylyň martynda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminama döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Migrasiýa, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri Türkmenistanyň halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol guramalaryň hatarynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Halkara Migrasiýa Guramasy, Halkara Zähmet Guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy bar.

BMG-niň Ýokary komissarynyň Bosgunlaryň işi boýunça halkara guramasy we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda 2020-nji ýylda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň wezipelerini çözmek boýunça işler işjeňleşdirildi. Şonuň netijesinde raýatlygy bolmadyk adamlara binýatlaýyn hukuklary we döwlet kepilliklerini bermek maksady bilen, olaryň derejesini kesgitlemek babatda oňyn netijeler gazanyldy. Raýatlygy aradan aýyrmak boýunça 2024-nji ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda Türkmenistan ýurdumyzda ýaşaýan we hiç hili raýatlygy bolmadyk adamlaryň 28 müň 167-sine öz raýatlygyny berdi. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-si Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama aldylar.

Döwletimiz Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy bolmak bilen, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça netijeli çäreleri görüp, maksadalaýyk işleri alyp barýar hem-de dünýä bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Çagalaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi çaganyň bähbitlerini, ýaşamaga bolan hukugyny üpjün etmek, çagalaryň ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmek ýörelgelerine esaslanýar. Köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan hyzmatdaşlygyň netijesinde bu ulgamda taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy amala aşyryldy.

Türkmenistan BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şol resminamalaryň hatarynda Bosgunlaryň derejesi hakynda, Apatridleriň derejesi hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalar bar. Halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy, apatridlere we beýleki möhüm migrasion meselelere bagyşlanan wekilçilikli halkara forumlaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda öz işine başlan 77-nji sessiýasynda öňe sürýän hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ýurdumyzyň oňyn ynsanperwerlik syýasatyna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydygyny aýratyn nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow