Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän bu hünär baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna pugta ynanýaryn.
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Siziň ýurduňyza mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, dünýäde parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň pugtalanmagyna gönükdirilen hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Wýetnam döwletiniň we halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.
Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.