Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine
Çap edildi 09.10.2022
1384

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, dünýäde parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň pugtalanmagyna gönükdirilen hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de “ak altyn” hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu möhüm möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilýär, gögeriş alan meýdanlara ösüş suwy tutulýar.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almak işleri dowam edýär. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hasyl ýygymyna taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, täzeçil usullary pudaga işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň dowamynda döwletimiziň ýakyn geljek üçin parahatçylykly harby-syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, Milli goşunymyzyň ähli kysymlaryny we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini dünýäniň ösen tejribesini, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini gowulandyrmak şol ugurlaryň hataryndadyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Ýaş esgerleriňdir harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby däpleri esasynda hem-de Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýeçilik işini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şol bir wagtyň özünde döwlet häkimiýetiniň, ýerli ýerine ýetiriji, öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror barlaglaryny güýçlendirmek barada görkezme berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hukuk tertibini üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmegiň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmagyň täsirli görnüşlerinidir usullaryny ulanmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de syýasy taýýarlygyny kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäk bitewüligini gorap saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak esasynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş tejribesinde bitewi döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de türkmenistanlylaryň hukuk düşünjesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen hukuk sowatlylygy ulgamynda geçirilen çäreleri netijeli utgaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigi hem bellenildi.

6-njy oktýabrda — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy.

Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, wepat bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi. Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi.

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ysnyşykly taryhy-medeni hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär.

Ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin öz çykyşynda şu duşuşygyň ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça dostlukly ýagdaýda pikir alyşmaga, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakynda Astanada geçiriljek doly derejeli mejlisiniň öňüsyrasynda garaýyşlary anyklaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ençeme gezek GDA-nyň howandarlygynda möhüm duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyz netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalşyp, hyzmatdaşlygyň täze, wajyp usullaryny işläp taýýarlamaga, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli öňe sürýär. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasy ýokarda agzalan Jarnamanyň ýörelgelerine esaslandy. Onda uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar bilen baglanyşan Arkalaşygyň döwletleriniň kuwwatyny nazara almak bilen, ulag, kommunikasiýalar we logistika, energetika, senagat, düzümleýin ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde çykyş edýär. Maýa goýum işini işjeňleşdirmek, özara haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak, harytlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem örän derwaýys hasaplanýar. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistan parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmek we ösdürmek, şu maksat bilen Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini işjeň ulanmak ugrunda-da çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.

Hajy Arkadagymyz taslamalary synlap, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge dini wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi we metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň Ýaponiýada iş saparynda bolandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň gurluşyk-binagärlik babatda ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny we bu ugur boýunça sanly ulgamy Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda işjeň ulanylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde türkmen topragynda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda täzeçil usullaryň ulanylmagynyň zerurdygy nygtaldy.

7-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenmegi mynasybetli guralan bu toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin berlen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi we Ahal welaýatynyň ymamy bilen gürrüňdeş bolup, häzirki döwürde jemgyýetimizde sogaply işleriň amal edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, anna gününde berilýän toý sadakasynyň yslam dünýäsiniň beýik şahsyýeti Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat gelmeginde çuňňur many bardygyny belledi.

Mahlasy, geçen hepde wakalara baý bolup, olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş maksatlary — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, milletimiziň ruhy gymmatlyklarynyň goralmagy, türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegi, ata Watanymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow