Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşy boldy.
Şu günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär.
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly –haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik işleriniň we amaly-haşam eserleriniň Halkara sergisi festiwalyň ikinji gününde hem köp adamly boldy.
Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Şu döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklar kemala geldi. Halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri geljegi uly maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmekde pugta binýatdyr.
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy.
Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.