Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat öz işine başlady.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Kuraş boýunça Hindistanyň Puna şäherinde başlanan 13-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň topary ilkinji bürünç medaly gazandy. Ony Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 78 kilograma çenli agram toparynda çykyş edýän ikinji ýyl talyby Aziza Gurbanowa gazandy. Bu ýaryşda ildeşimiz Koreýa Respublikasynyň we Özbegistanyň wekillerinden asgyn geldi.
Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.
Türkmen türgenleri şu gün Antaliýada (Türkiýe) tamamlanan taýboks boýunça halkara ýaryşynda bäş – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.