Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 24.11.2022
513

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, “ak altyn” hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada habar berdi. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de halkymyzy bu azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy.

Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň derwaýys wezipesidigini aýtdy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigine ünsi çekip, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi we häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhümdigi barada aýdylyp, ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde zerur tagallalaryň edilmelidigi bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl welaýatda ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurlup ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygy babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkime Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň depgini, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Welaýatyň gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu azyk önümleri bilen ýurdumyzyň ilatyny doly üpjün etmek, şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belläp, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini aýdyp, güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki ekinleri ýygnap almak hem-de sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamak hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara talabalaýyk derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň pagta meýdanlarynda bar bolan “ak altyn” hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, häkim welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu azyk önümleri bilen ilaty bolelin üpjün etmek babatda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň meýilnama laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi aýdylyp, şunuň bilen baglylykda häkime birnäçe görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu azyk önümleri bilen halkymyzy bolelin üpjün etmekde zerur çäreleriň görülmelidigini häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin medeni çärelere taýýarlyk görmek babatda hem tabşyryklar berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häkim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, halkymyzy bu azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça işler guramaçylykly amala aşyrylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de bu önümler bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylyp, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeler berildi. Şunuň bilen birlikde, häkime ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek medeni çärelere degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigi tabşyryldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hasyl ýygnamak işleri talabalaýyk derejede alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi, meýdanlarda bar bolan pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny belledi hem-de şunuň bilen birlikde geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň häzirki günüň möhüm wezipesidigi bellenilip, welaýatda ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şeýle hem gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigi häkime tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, häkime Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlar tarapyndan gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şaly hasylynyň oragy gyzgalaňly dowam edýär, şonuň bilen birlikde, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan ylalaşylan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň ähmiýeti barada aýdyp, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygy bellenilip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekildi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, bu işde öňdebaryjy dünýä tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny netijeli ulanmaga degişli meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar