Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde gözel Diýarymyz bu gün taryhda görlüp-eşidilmedik ösüş derejelerine ýetdi.
Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynda guralýan bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) başlanan Ýewropa ýetginjekler Kubogynda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow altyn medal gazandy. Bu ajaýyp üstünlige Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby «Iň güýçli» diýen at ugrunda 13 ýurtdan 27 türgeniň gatnaşýan ýaryşynda 66 kilograma çenli agram toparynda gazandy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.