Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 17.03.2023
1802

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri we saýlawlara görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Mejlisiň 2023-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahatynda birnäçe Kanunlaryň taslamalary, şol sanda “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda alnyp barylýar. Saýlawlara taýýarlyk görlüşi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikler, makalalar berilýär hem-de ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşdäki wideoşekilleriň birnäçesi taýýarlanyp, olar teleýaýlymlar arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär. Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle-de 16-njy martda ses berilýän güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylar üçin öňünden ses bermek başlandy. Halkara synçylar saýlawlara taýýarlygyň guramaçylyk derejesi hem-de hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň berjaý edilişi bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolýarlar.

2023-nji ýylyň 11 — 15-nji marty aralygynda ýurdumyzyň parlament wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 146-njy maslahatyna we onuň çäklerinde guralan Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ykdysady toplumyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Abraýly halkara maliýe guramalary we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň milli daşary ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etmäge gönükdirilen iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, daşary ýurt maýalaryny çekmegiň gurallaryny tapgyrlaýyn kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möçberde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly taýýarlanyldy. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 1 müň 800 sany gowaça ekijini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, ýurdumyzyň pagtaçylarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini nygtady hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi döwrebap awtomobil ýolunyň we degişli düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygynyň örän wajypdygyny belledi. Bu ýol Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler we diňe bir ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda däl, eýsem, goňşy döwletler bilen haryt dolanyşygynyň, ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýolunyň hem-de onuň ugrunda gurulýan desgalaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, şol sanda döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, eksport hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmäge gönükdirilen degişli çäreleriň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 15 ýyl dolýandygyny aýtdy hem-de şu mynasybetli ýurdumyzyň işewürlik ulgamynda zähmet çekýänleriň ählisini tüýs ýürekden gutlady. Geçen ýyllaryň dowamynda hususy ulgamda belent sepgitlere ýetildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň paýy ep-esli artdy. Hususy işewürligi goldamagyň çäklerinde bu ulgamyň netijeli işlemegi üçin mundan beýläk-de zerur şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Baýramçylyk dabarasyna Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata çagyrylan daşary ýurtly myhmanlary hem gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan Nowruz baýramynyň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işini sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň 8-si hereket edip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 1 müň 500-e golaýy döwlet tarapyndan hasaba alyndy. Ýadygärlikleri görmäge we zyýarat etmäge gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara, jahankeşdelere hödürlenilýän hyzmatlary kämilleşdirmek maksady bilen, degişli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işini sanlylaşdyrmak meselesine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1-nji synpa kabul ediljek okuwçylary noutbuk görnüşli kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hil babatdaky standartlara we çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyklykda öndürilýän “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň programma üpjünçiligini ep-esli kämilleşdirmek, ýadynyň göwrümini hem-de işjeňligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ösüp gelýän ýaş nesil, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we ýokary hilli bilim almagy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary hem-de ylmy maslahaty geçirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, şu ýylyň 19-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny; 19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasyny; 1 — 5-nji iýun aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ylmy-taslama bäsleşigini; 6-njy iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistanyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň hem-de beýleki onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen Konsepsiýalara laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň möhümdigini nygtap, wise-premýere halkara olimpiadalaryň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol ýurtlaryň hatarynda Katar Döwleti hem bar. Bu ýurt bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde saparlara hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisiniň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary netijeli häsiýete eýedir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işi uly ähmiýete eýedir. Onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dowamynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Göz öňünde tutulýan resmi sapara taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnama hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň dostluk däpleriniň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Şu saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasyny açmak meýilleşdirilýär. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Bu babatda özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berilýär.

Şeýlelikde, nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikler däp bolan türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi bermelidir. Onuň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan resmi sapara ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamyny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmäge uly üns berilýär, şol sanda giň gerimli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan aragatnaşyk hyzmatlaryny kämilleşdirmek we görnüşlerini giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ulgamyna sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselesi hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleriň ýüzlerçesi hödürlenildi. Olar welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Olaryň çykyşlary teleýaýlymlar, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halkymyza ýetirilýär. Ýurdumyza gelýän synçylar toparlarynyň käbiri eýýäm saýlawlara taýýarlyk işlerini synlamaga girişdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni demokratik kadalar, milli ýörelgeler esasynda, toý-dabaralara besläp, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek üçin guramaçylyk çärelerini görmegiň, olaryň golaýynda göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň geçişiniň teleradioýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek zerurdyr. Milli däplerimize laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak wajypdyr.

Mundan başga-da, saýlawlara taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlary teleradioýaýlymlarda, metbugatda we internetde yzygiderli berip durmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we watandaşlarymyzy saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, saýlawlaryň dabaralara beslenip, uly baýramçylyga öwrülmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem saýlaw uçastoklarynda jemgyýetçilik tertibiniň we ýangyn howpsuzlygynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy.

26-njy martda geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Şonuň üçin-de, bu işe jogapkärli çemeleşip, saýlawçylaryň erk-islegini erkin beýan etmegine şert döretmelidiris. Umuman, saýlawlary aç-açan, aýanlykda, demokratik esaslarda, bäsdeşlik şertlerinde, erkin we ýokary derejede geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mejlisde beýleki käbir meselelere-de garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow