Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady
Çap edildi 19.03.2023
1389

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.

Bu gezekki sapar dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bar bolan mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde taraplaryň hoşniýetli erkine we köpýyllyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini belledi.

Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň şowly bolmagyny arzuw edip, Doha şäherinde geçiriljek gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi we Katarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy.

Geçen ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça dostlukly ýurtda boldy. Doha şäherinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iki ýurduň uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine hormatly myhman hökmünde tomaşa etdi.

Bu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde ýurdumyzyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilendigini bellemeli. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana gol çekendigini bellemek gerek.

...Iki sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Kataryň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Hamad” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Ertir — 20-nji martda Doha şäherinde ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler. Olaryň dowamynda häzirki ýagdaýlar we bar bolan mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlener.

Türkmenistan we Katar dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly serişdelere eýedirler. Energetika ulgamy, söwda, maýa goýum, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisini şu ýyl Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan we Katar halklaryň ýakynlaşmagynyň, dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer hyzmatdaşlyga döwletara gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ähmiýet berýär. Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellemeli. Türkmen-katar gatnaşyklary köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Netijeli syýasy gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolmagy, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilmegi Türkmenistan bilen Kataryň sebitleýin hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini görkezýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine bu gezekki döwlet saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin pugta binýady emele getirjekdigini ynamly aýtmak bolar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow