Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dowam edýär.
Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.
Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Ses bermäge başlamak üçin ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy.
Ýakynda goňşy we dostlukly ýurt Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sportuň Taekwondo ITF görnüşi boýunça 1-nji Merkezi Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
ABŞ-nyň halkynyň adyndan Sizi, Siziň maşgalaňyzy we ähli türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.
Türkmenistan jemgyýetiň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän däplerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky täze ädime taýýarlyk görýär. Halkymyz bu däplere we ýörelgelere müňýyllyklaryň dowamynda ygrarly bolmak bilen, häzirki täze taryhy eýýamda olar täzeden dabaralandyrylýar. Ertir — 26-njy martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar. Ildeşlerimiz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň has mynasyplaryna ses bererler we özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý ederler.