Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy
Jemgyýet
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy
Çap edildi 26.03.2023
2935

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Ses bermäge başlamak üçin ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy.

Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 125 deputat saýlanylar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 960-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa saýlaw okruglarynyň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi.

Ses bermek üçin ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerler taýýarlanyldy. Her bir saýlaw uçastogyna ygtybarly aragatnaşyk enjamlary, ulag serişdeleri berkidildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň 240-synda işleriň gidişi sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigine, olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk eder.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow