Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 24.03.2023
702

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

ABŞ-nyň halkynyň adyndan Sizi, Siziň maşgalaňyzy we ähli türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.

Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys. Birek-birege hoşallygyň beýan edilýän şu günlerinde 30 ýyldan gowrak döwürde dürli ugurlarda — medeni ulgamda hem-de howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üçin hoşallygymyzy beýan edýäris.

Gatnaşyklarymyzyň berk binýadyna esaslanyp hem-de Merkezi Aziýanyň we dünýä ýurtlarynyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldamagy dowam etdirmek bilen, hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris.

Täze başlangyçlaryň baýramynda ähli türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge umyt edýäris.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Jozef BAÝDEN,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna musulman dünýäsi üçin mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Bu bereketli aýda ýurtlarymyza parahatçylyk we abadançylyk eçilýän Beýik Biribara çäksiz şükranalygymyzy beýan edýäris. Bu aýda biziň mukaddes dinimiziň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly belent gymmatlyklary has aýdyň ýüze çykýar.

Biz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigine, birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň bolsa anyk netijelere eýe bolýandygyna şatdyrys.

Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Goý, bu mukaddes aýda biziň goňşy hem-de doganlyk halklarymyzyň doga-dilegleri, ýagşy niýet-arzuwlary kabul bolsun!

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Oraza aýy mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň adyndan Size iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Siziň we ýakynlaryňyzyň hem-de ajaýyp ýurduňyzyň halkynyň bu sahawatly baýramy mynasyp geçirmegine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Mukaddes Oraza aýy mätäçlik çekýänlere goldaw bermek, goňşularyňa düşünmek bilen garamak, ähli dinlere uýýan adamlaryň arasynda birek-birege hormat goýmak ýaly bize ýakyn bolan gymmatlyklary alamatlandyrýar. Munuň özi biziň şu gymmatlyklara, bileleşigiň ähli wekilleriniň arasyndaky sazlaşyga berk ygrarlydygymyzyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Biz mundan 10 ýyl ozal Türkmenistanda ilçihanamyzy açdyk. Şol döwürden bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz ösýär we berkeýär. Biz lukmançylyk innowasiýalary, oba hojalyk tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýäris. Aşgabatda resmi taýdan açylmagyna garaşylýan Ysraýylyň täzelenen, döwrebap ilçihanasyny görmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Munuň özi Ysraýylyň Siziň ajaýyp ýurduňyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi göz öňünde tutýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Doga-dilegleriň we asylly maksatlaryň aýy bolan mukaddes Oraza aýynda gatnaşyklarymyzy hem-de dostlugymyzy pugtalandyrmak baradaky ynandyrmalarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Biz dünýäniň has gowy bolmagy üçin ähli tagallalary ederis.

Ishak GERSOG,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin örän ýakymlydyr.

Bu mukaddes aýda Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

Soňky habarlar
07.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.06
Türkmenistanda Moldowa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.06
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.06
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
07.06
Aşgabatda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy deslapky tapgyra gadam basdy
07.06
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý ederler
06.06
Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
06.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
06.06
Türkmenistanly tennisçiler paýtagtymyzda geçirilýän sebitleýin sport ýaryşynda ikinji ýeňşini baýram etdiler
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow