Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 24-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 29-njy martda girişerler.
An important agricultural campaign - cotton sowing - has begun in the country. In accordance with the schedule announced by President Serdar Berdimuhamedov at the meeting of the Cabinet of Ministers held on March 17, , cotton growers in the Akhal, Balkan, Lebap and Mary velayats began sowing on March 24. A little later, on March 29, farmers of the Dashoguz velayat will join them.
Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.