Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy, berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar.
Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan anyk başlangyçlary köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Ilki bilen, hoşniýetliligiňiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbede geçen bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz we oňa uly hormat görkezendigiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.