Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
Çap edildi 17.09.2023
742

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunda BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribä, mümkinçiliklere esaslanýan bu köpugurly gatnaşyklar häzirki döwürde täze hil we mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösüşe we netijeli häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Bu merkez türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça açyldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Watanymyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. BMG-niň öňdebaryjy ugurdaş edaralarynyň düzümine Türkmenistanyň yzygiderli saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna birnäçe gezek wise-başlyklyk edendigini bellemek ýakymlydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek we işjeň häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary Watanymyzyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu babatda birnäçe Kararnamalary kabul etmegi öňe sürülýän başlangyçlaryň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini hem-de möhümdigini tassyklaýar.

...Nýu-Ýork şäherine çenli uçuşy amala aşyran hormatly Prezidentimiziň uçary Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda esaslandyrylan Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat, görkezme beriji we wekilçilikli edarasy bolup durýar. Ol halkara meseleleriň ähli ugurlaryny köptaraplaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak üçin köpugurly forumdyr. Däbe görä, her sessiýanyň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki mejlisler, maslahatlar geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürer. Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» (С5+1) görnüşindäki sammite gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Şeýlelikde, BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döredijilikli döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli çözgütleriň taýýarlanylmagyna saldamly goşant goşýar.

Soňky habarlar
23.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.02
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar
23.02
N.M.Annagurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
22.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
22.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany
top-arrow