Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy — ösüşleriň binýady
Jemgyýet
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy — ösüşleriň binýady
Çap edildi 18.09.2023
2759

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy, berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza nusgalyk söýgüsiniň, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Täze taryhy döwürde ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýän hem-de agzybirligimizi, jebisligimizi dabaralandyrýan milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz Diýarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Türkmen halky toý-baýramlaryny gadymy döwürlerden bäri uludan tutýan halk hökmünde tanalýar. Ynha, şu günler bagtyýar ulus-ilimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny uludan toýlaýar we ony ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar.

Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrylyp, berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama iki gezek kabul edilip, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň «ýüreginde» ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine, dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi.

Bilim we ylym jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr. Şundan ugur almak bilen, ýurduň ylym, bilim we tehnologik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki zaman bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda ägirt uly işler amala aşyryldy. Bilim edaralaryny okuw kitaplary bilen üpjün etmek, bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly bilim işiniň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna tarap ugur alyndy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, umumy bilim edaralarynyň 54-sini gurmak, täze ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-sini işe girizmek bellenilip, bu ugurdaky gurluşyk işleri depginli dowam etdirilýär.

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän aýynyň ilkinji gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumlarynyň, şeýle hem Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbi tutuldy. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3 sany mekdep, 9 sany çagalar bakja-bagy, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda jemi 6 sany çagalar bagy, 17 sany orta mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy. Munuň özi täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin saýlanyp alnan ugruň mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de uly üstünlikleriň gazanylýandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere kompýuterleri sowgat bermek asylly däbe öwrüldi hem-de ol hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň abadançylygynyň oňat görkezijileriniň biridir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 8 altyn, 12 kümüş, 38 bürünç, halkara internet bäsleşiklerinde 75 altyn, 111 kümüş, 108 bürünç, talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde 27 altyn, 55 kümüş, 82 bürünç, toparlaýyn bäsleşiklerde 2 altyn, 7 kümüş, 9 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda «Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatlar, «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň halkara forumy, materiallaryň garşylygy, nazary mehanika, iňlis dili, informatika, matematika, çyzuwly geometriýa, şeýle-de inžener grafikasy dersleri boýunça halkara olimpiadalar geçirildi. Bularyň ählisi Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga tarap alnan ugra laýyklykda, ýaşlarymyzyň intellektual ukyplarynyň işjeň ösdürilýändigini görkezýär.

Hünärli ýaşlar — ýurduň kuwwaty. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň 26-sy, orta hünär okuw mekdepleriniň hem 45-si hereket edýär. Diňe soňky ýyllarda lukmançylyk, nebit we gaz, ykdysadyýet we dolandyryş, diplomatiýa, sport, medeniýet, ynsanperwer ylymlary, inžener-tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we informatika, seýisçilik ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri açyldy, okatmagyň häzirki zaman bakalawr, magistr derejeleri ornaşdyryldy. Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-önümçilik merkezlerinde biotehnologiýa, nanotehnologiýa, molekulýar biologiýa ýaly ylmyň düýpli we amaly ähmiýetli öňdebaryjy ugurlaryndan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, ýaş alymlaryň ylmy-inženerçilik pikirleri önümçilige ornaşdyrylýar hem-de bilim ojaklarynyň ylmy işgärler kuwwaty berkidilýär.

2023-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde bu ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbi tutuldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary açyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bu guramanyň Mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işjeň halkara hyzmatdaşlyk ugry bilen utgaşyklylykda, Watanymyzyň bilimler ýurdy hökmünde rowaçlyklara beslenmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi hem-de 1995-nji ýylda ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynda özgertmelere badalga berildi. Bu maksatnama esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek, keselçiligiň derejesini peseltmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, inçe hünär ugurly lukmanlary taýýarlamak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda zerur şertler döredildi hem-de saglygy goraýşyň milli nusgasy kemala getirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Ýöriteleşdirilen guramalar tarapyndan drakunkulýoz, poliomielit keselleriniň ýok edilendigi barada halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda bu ugurda ýetilen sepgitlere aýdyň şaýatlyk edýär. 2004-nji ýylda ýurdumyzda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagynyň gazanylandygy baradaky halkara güwänama berildi. Türkmenistan gyzzyrma keseliniň ýok edilendigi üçin halkara güwänama, ýokumy demir we foliý turşusy bilen güýçlendirilen unuň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly halkara sylaga mynasyp boldy. 2016-njy ýylda gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasyny tassyklamak boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan güwänama gowşuryldy.

Maksatnama esasynda düýbünden täze ugur — döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma ulgamy döredildi. Munuň özi ilatyň ömrüniň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna, zähmete ukyply ýaşyň artmagyna, lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açdy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli meýilnamasyna täze waksina serişdeleri yzygiderli girizilýär. BSGG tarapyndan Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde uly ornunyň bardygy, temmäkini ulanmagy tertipleşdirmekde uly üstünlikler gazanandygy we 2025-nji ýyla çenli temmäki tüssesinden azat gurşawy döretmek üçin uly işleriň alnyp barylýandygy barada bellenildi we ýörite sylag haty gowşuryldy.

Raýatlaryň saglygyny berkitmekde şypahana ulgamyna uly üns gönükdirildi. «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Farap», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza», «Baýramaly» şypahanalarynyň durky täzelenildi we täze binalary guruldy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde döwrebap dynç alyş-sagaldyş, sport we syýahatçylyk desgalary ulanmaga berildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bejeriş-öňüni alyş işleri düýpli kämilleşdirildi. Häzirki wagtda bu maksatnama milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda «D» witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» bilen utgaşyklylykda durmuşa geçirilýär.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göterimi durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny maliýeleşdirmäge, olara degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ilatyň saglygyny goramak meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge hem-de çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan, howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny bejermek, lukmançylyk maksatly zerur serişdeleri satyn almak babatdaky çykdajylary tölemäge bu gaznadan serişdeler yzygiderli bölünip berilýär.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna tarap alnan ugur hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň düzümi tapgyrma-tapgyr kämilleşdirildi. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Balkan hem-de Daşoguz welaýatlaryna bolan saparlarynyň çäklerinde Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde bina edilen köpugurly hassahanalar, Daşoguz şäherinde onkologiýa hassahanasy dabaraly açyldy. Häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyk işleri, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keseller, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler depginli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlip, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu merkezleriň düýbi tutuldy. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy döredildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişligine goşulyşmagy, onuň döwür bilen aýakdaş gadam urmagy ugrunda uly aladalar edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda hereket edýän aspiranturalarda, doktoranturalarda ylmy taýdan taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ösdürilýär, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar. Bu ugurda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda biotehnologiýalar, nanotehnologiýalar, maglumat we himiýa tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn ylmy barlaglar geçirilýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna salgylanylyp, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan giňişleýin seljerilip, ýandakdan ýokary tehnologik önüm bolan gury ekstrakt alyndy. Buýan köküniň goýy ekstraktynyň goşulmagy bilen, çörek we çörek-köke önümlerini taýýarlamagyň usuly işlenip düzüldi. Akademiýanyň Himiýa institutynda ýurdumyzyň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallary toplumlaýyn gaýtadan işlenilýär. Institutyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikdäki kafedralary hereket edýär hem-de nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag, seljerme işleri alnyp barylýar.

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy, türkmen diliniň derwaýys meselelerini öwrenmek, sözlükleri taýýarlamak babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren mirasyny düýpli öwrenmek bilen bagly ylmy monografiýalar ýazylýar, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy» döredilýär. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent, Samarkant, Buhara şäherlerine hem-de Wengriýanyň Budapeşt şäherine ylmy-döredijilik iş saparlary guralyp, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, türkmen edebiýatyna we taryhyna degişli onlarça golýazmanyň elektron nusgasy ýurdumyza getirildi. Taryh we arheologiýa institutynda ýurdumyzyň gadymy, orta asyr taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikleri öwrenmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. Akademiýanyň Merkezi ylmy kitaphanasy häzirki wagtda jemi 172 müň 522 kitaby, gazetdir žurnallary özünde jemleýär. Türkmen we daşary ýurt dillerindäki bu gymmatly hazynanyň elektron katalogy düzüldi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge güýçli itergi berýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, beýleki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi Watanymyzyň sport abraýynyň beýgelmegini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýan ildeşlerimiziň, hususan-da, bu gymmatlyklary hemrasyna öwren ýaşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirdi. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä derejesindäki aýdyň ykrarnamasydyr.

Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri geçen sekiz aýda türkmen türgenleri dürli derejedäki halkara ýaryşlarda 400-den gowrak medal gazanmagy başardylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň hatarynda ýurdumyzda şu ýyl geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem-de geljek ýyl guraljak Sambo boýunça dünýä birinjiligi, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek aýratyn ähmiýete eýe bolan wajyp wezipedir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barýan günlerimizde halkara sport giňişliginde gazanylýan üstünlikler her bir türkmenistanlynyň kalbyny joşduryp, berkarar Watanymyza buýsanjy artdyrýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, arhiw edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär. Döwlet arhiwlerinde Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň toplanylmagy, döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, saklanylmagy we peýdalanylmagy üpjün edilýär.

Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň işinde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmaga gönükdirilen syýasy-köpçülikleýin çäreler aýratyn orun eýeleýär. Syýasy partiýalaryň, şeýle hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan işleri parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatymyzyň täsirli ornuna we dünýäde ykrar edilen ähmiýetine has düýpli göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasat esasynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky ösüş-özgerişleri rowaçlandyrýan taryhy döwür döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Türkmenistan bu gün özüniň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyz daşary ýurtlar bilen täzeçe many-mazmuna eýe bolan gatnaşyklary ýola goýýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu gatnaşyklar bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

N.AMANNEPESOW,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow