Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:
Geçen hepde ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleri alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilip geçildi we beýleki möhüm wakalara baý boldy. Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde özboluşly milli däp-dessurlaryna ygrarlylyk bilen ynamly öňe barýar.
Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi.
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.