Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 25.06.2024
217

Hormatly dabara gatnaşyjуlar!

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrýar, halkymyzy beýik işlere has-da ruhlandyrýar. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi we köpöwüşginli sungatymyzy ösdürmek hem-de döwrebap usullar bilen baýlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem, ilkinji nobatda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly adamlar!

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmegi üçin ençeme şahsyýetlerimiz yhlasly zähmet çekdiler, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirdiler. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowanyň hem türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýy bar. Ol sungat ýolunda aýdymçy, tans goýujy, kompozitor hökmünde halkyň ýüreginde orun alyp, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde köp hyzmatlary bitirdi. Görnükli halypalaryň ýoluny ýöretmegi, Magtymguly Pyragy ýaly söz ussatlarynyň eserlerine döreden aýdymlary onuň sungatynyň has-da rowaçlanmagyna getirdi.

Jemal Saparowa, ýadyňyzda bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasy açylypdy. Şol ýyllarda Siziň janypkeşligiňize, sungata tüýs ýürekden berlendigiňize has ýakyndan şaýat bolmagyma mende-de mümkinçilik döräpdi. Şol ýyllaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde sungatymyzy milli äheňde, milli ruhda dowam etdirmekde, joşgunly çykyşlaryňyz bilen halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda uly işleri alyp bardyňyz. Siz milli saz gurallarymyzda ýerine ýetiren çykyşlaryňyz, «Gyzlar», «Heserli», «Çapak», «Köne güzer», «Bilezik» ýaly tanslaryňyz bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny açyp görkezmegi başardyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary şol geçen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplamak bilen, Diýarymyzda tutulýan tutumly toý-baýramlaryň, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän dabaralarda hem muňa ýene bir gezek şaýat bolýarys.

Biz medeniýeti halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarda, medeniýet günlerinde «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparynyň milli lybaslardaky, milli duýgulara ýugrulan çykyşlary tutuş halkymyzyň ýüzi bolup, göwünlere ylham berýär. Gyzlaryň näzikden edaly hereketleri ýigitleriň çalasyn hem çeýe hereketleri bilen sazlaşyp, täsin sungat döreýär. Bu topar ýüzden gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde daşary ýurtly türkmen sungatynyň muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazandy. Halkara tans we folklor festiwallarynda hem abraýly sylaglara mynasyp boldy.

Öz sungatyň bilen halka hyzmat etmek bilen bir hatarda guramaçylyk, ýolbaşçylyk işlerini alyp barmak, ýaşlara halypalyk edip, olary döredijilige ugrukdyrmak tutanýerli zähmeti, yhlaslylygy talap edýär. Jemal Saparowa hut şeýle jogapkärli işleriň hem hötdesinden gelmegi başarýar.

Halypa-şägirtlik ýörelgesi sungat ýolunyň dowamat-dowamlylygydyr. Pederlerimiz «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýipdirler. Seýis gören bedewleriň ýyndamlygynyň başga bolşy ýaly, halypa gören aýdymçynyň owazy-da başgadyr. Şoňa görä-de, biz bu däbiň sungatymyzda mynasyp dowam etdirilmegine uly üns berýäris. Jemal Saparowa halypa hökmünde köp sanly şägirtleri ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri bu gün ussat çykyp, «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen derejelere, abraýly döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp boldular. Biz muňa tüýs ýürekden guwanýarys.

Halypa bagşynyň milli tans sungatymyzy ösdürmekdäki hyzmaty hem örän uludyr. Her bir aýdymyň özüne mahsus manysyny tanslaryň üsti bilen tomaşaça ýetirmekde «Dokmaçylar» topary uly ussatlyk görkezýär.

Bilşimiz ýaly, öz döwründe Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Roza Töräýewa, Annagül Annakulyýewa we beýleki köp zehinli zenan halypalarymyz halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitirip, milli sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Biz halypa bagşy Jemal Saparowanyň döredijiliginde öňden gelýän bu asylly ýoluň dowamatyny görýäris. Kämilligiň çägi ýok. Sungatda, döredijilikde serhet bolmaýar. Biz halypa bagşynyň mundan beýläk hem ýurdumyz üçin, milli sungatymyz üçin uly işleri bitirip, täze eserleri döretjekdigine ynanýarys.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzda ýene-de bir ajaýyp bina guruldy. Bu döwrebap täze bina «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp sowgat boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň «Dokmaçylar» folklor, etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär. Bu merkezde olaryň döredijilikli, döwrebap şertlerden peýdalanyp işlemekleri üçin ähli şertler döredildi. Binagärligiň milli hem-de döwrebap äheňleriniň sazlaşygynda gurlan täze bina hakyky sungat köşgi bolar.

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde türkmen sungaty dünýäde belent sarpalanýar.

Hormatly adamlar!

Men pursatdan peýdalanyp, şu goşgy setirlerimi siziň dabaraňyza bagyşlaýaryn.

Jemal bagşy Siz!

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,

Ojaklaryň berki halal duzdadyr,

Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,

Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!

Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,

Diýaryma täze taryh ýaraşar,

Parahatlyk sungat bilen gül açar,

Watana söýgüde belent bagtyňyz,

Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Eziz watandaşlar!

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Siziň ähliňizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
28.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.06
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy
28.06
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
28.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
top-arrow