Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda
Çap edildi 26.06.2024
1011

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we her bir ýeňijini Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň baş redaktory Tahyr Begençowiç Hojaýewi;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň ylham bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Dürli Sazakowna Küräýewany;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň müdiri Ýakupguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowy;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Annadurdy Serdarowiç Täşliýewi;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň esasy hünärmeni Rahymberdi Annagulyýewiç Annagulyýewi;

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň operatory Gurbanaly Öwezmerdanowiç Saparowy;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 47837 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Toýly Muhammetdurdyýewi;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň uly gözegçisi Şirin Bäşimowna Hojalekowany;

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Artyk Çaryýarowiç Artykowy;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Kadyrmyradowiç Sakçyýewi;

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwranowiç Döwranowy;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýewi;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbansähet Rustemowiç Gurbansähedowy;

Türkmen döwlet maliýe institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýnabat Nurgylyjowna Myradowany;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güljahan Annadurdyýewna Eýeberdiýewany;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nursoltan Nazmuhammedowna Derýaýewany;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Balkan Kakageldiýewiç Babaýewi;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Tawus Maksadowna Şamyradowany;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýhan Azat ogly Kulyýewi;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Guwanç Bäşimowiç Muhtarowy;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Durdymuhammet Amangeldiýewiç Pirowowy;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annasoltan Hoja gyzy Hojaýewany;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Pawel Anatolýewiç Anahowskini;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jelaletdin Döwletmyradowiç Bekgiýewi;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Baýmuhammet ogly Alyýewi;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nurmuhammet Azadowiç Jomartowy;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginiň Garaýap oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Şamyrat Kakamyradowiç Artykowy;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Didar Tirkeşewiç Kowusowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny.

Soňky habarlar
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
04.11
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy
04.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler
03.11
Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
02.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
top-arrow