Şu gün Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin.
Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi netijeli galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär.
Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň beýik baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu baýram hoşniýetliligiň, rehimdarlygyň nyşany hökmünde musulmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Goý, biziň jebisligimiz we ruhy bitewüligimiz has-da pugtalansyn!
Ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär.