Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Meýlis Baýrammyradowiç Rejepowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Gülşat Geldiýewna Ýusupowany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.
Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedowy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemeli.
Orazow Parahat Orazmuhamedowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen,
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.