09.07 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular.

09.07 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

09.07 2024

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi.

08.07 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

08.07 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

07.07 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Kir Starmeri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

07.07 2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,32% ses berdi.

07.07 2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermek 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda saýlaw uçastoklarynyň ählisinde (60 sany) sagat 7-de başlandy we 19-da tamamlanýar.

06.07 2024

Ilki bilen, size «Türkmenistanda hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin. Siziň saparyňyza Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarymyzda täze tapgyr hökmünde garaýarys.

06.07 2024

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

1459 sahypa
Soňky habarlar
29.03
Ses bermek dowam edýär
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
28.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
28.03
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
27.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi