27.09 2024

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

27.09 2024

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin. Birleşen Ştatlar hemişe Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny goldaýar.

27.09 2024

Eziz Diýarymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy.

27.09 2024

Si­zi gö­zel Di­ýa­ry­myz­da giň­den we da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän mil­li baý­ram — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­ziň ga­zan­ýan äh­li üs­tün­lik­le­ri­miz, ýe­ňiş­le­ri­miz, ber­ka­rar­ly­gy­myz hem-de bag­ty­ýar­ly­gy­myz öz göz­ba­şy­ny mil­li buý­san­jy­myz bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan alyp gaýd­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan aja­ýyp baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň, gö­wün gal­kyn­dy­ry­jy wa­ka­la­ryň eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­mi­zi, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi hem-de je­bis­li­gi­mi­zi has-da ber­kit­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn.

27.09 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

26.09 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

26.09 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni kabul etdi.

26.09 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

26.09 2024

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­ri ka­bul et­di.

26.09 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

1458 sahypa
Soňky habarlar
26.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.03
Gen­der deň­li­gi­ni iler­let­me­giň mö­hüm ugur­la­ry
26.03
Yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri da­ba­ra­lan­dy­ryp
26.03
«Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni aç­ýar
26.03
Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady