Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýär
Çap edildi 08.04.2025
540

Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň bar bolan mümkinçilikleri ägirt uly giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek üçin ulanmaga çalyşýandygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda-da jikme-jik beýan edildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Samarkant şäherinde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýo, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso hem gatnaşdylar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň arasynda sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet berýändigini, öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek üçin iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýet we maýa goýumlar, energetika, ulag, söwda ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň ÝB bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem ygrarlydygyna ünsi çekip, taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip etdi, şeýle-de syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň geljeginiň uludygyny nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny we bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkantda “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara foruma hem gatnaşdy. Bu forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri babatda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegi, olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmegi bilelikdäki wezipeleriň hatarynda görkezdi hem-de ýurtlarymyzyň Ýewropa Bileleşigini howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. ÝB bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerini, energetikada, senagatda, ulagda, ykdysadyýetiň beýleki wajyp ugurlarynda «ýaşyl» geçişi hem öz içine alýandygy bellenildi.

Saparynyň birinji gününde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektroenergetikada, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini nygtadylar. Ulag, energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns çekildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň sebit üçin möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Samarkanda iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ÝB-niň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda, şeýle-de durnukly energetika babatda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak babatda degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de gurluşyk-senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmagyň, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri, beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almagyň zerurdygy nygtaldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam edip, 31-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilendigini bellemek gerek. Söhbetdeşler birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen-eýran hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.

31-nji martda hormatly Prezidentimiz bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda söhbetdeşler birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň möhüm ähmiýetini we Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda Pakistana sapar bilen barmaga çagyrdy.

2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy, nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Kataryň sporty ösdürmekde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Awazada geçiriljek, üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinjek halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmegine aýratyn üns çekildi.

Iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde amatly şertleri üpjün eder. Şeýle-de bu köpri Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesindäki gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan täze Halkara howa menzilinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagyna degişli täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşynyň amala aşyrylmagy menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň häzirki döwrüň ýokary hil derejesiniň möhüm talaplaryna we dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

29-njy martda Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata bagyşlanyp, Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, bu ulgamda möhüm meseleleri çözmekde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Öz döredijilik kuwwatyny umumy bähbitler üçin amala aşyrmaga çalyşýan Türkmenistan döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu babatdaky gyzyklanmasyny anyk başlangyçlar we işler bilen tassyklaýar.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
12.04
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
11.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.04
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
10.04
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek — Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
09.04
2025-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
09.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
09.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýär
top-arrow