27.06 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy täze eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

27.06 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

27.06 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

27.06 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

27.06 2025

Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

27.06 2025

Si­zi asu­da Wa­ta­ny­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ňiz­de uly ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin.

27.06 2025

Si­zi türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny we hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny şöh­rat­lan­dyr­ýan şan­ly se­ne — Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ziň ja­ny­ňy­zyň sag, öm­rü­ňi­ziň uzak bol­ma­gy­ny, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny dün­ýä ta­nat­mak­da, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak­da alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri­ňi­ziň mun­dan beý­läk hem üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin.

26.06 2025

«Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi tä­sir­li wa­ka­la­ry bi­len oňa gat­na­şy­jy­lar we äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin ýat­da ga­ly­jy baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di. Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän bu giň ge­rim­li dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň esa­sy mak­sa­dy türk­men hal­ky­nyň ru­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny wa­gyz et­mek­den yba­rat­dyr.

25.06 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

25.06 2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda sagat 10:00-da Mejlisiň binasynda geçirilýär.

1454 sahypa
Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna