Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
Syýasy habarlar
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
Çap edildi 14.01.2026
2093

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki Kenar gulluklary tarapyndan Eýranyň Rona gury ýük daşaýjy gämisinden halas edişe çagyryş -- SOS habary alyndy.  

Ýurdumyzyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak bilen baglanyşykly döwlet edaralary deňizde ýüzmegiň halkara kadalaryna laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreleri amala aşyrdylar.

Öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, gämidäki ähli 14 adam halas edildi. Deslapky maglumatlara görä, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlary bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz tarapyndan göz öňünde tutulan halkara kadalaryna laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow