Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 12.01.2026
35

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk berjaý edilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle-de häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli önümçilik tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini we suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin işler dowam edýär. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde we ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häkime bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýdyp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly döwrebap awtoulaglary, tehnikalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ajaýyp sowgat bolan bu tehnikalaryň jemagat hojalygynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşinde aýratyn orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ekologik abadançylygy üpjün edýän ulgamdygyny belledi we wise-premýere oba hojalygyny döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
08.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow