Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Däp bolşy ýaly, bu ýerde her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çagalar toparlarynyň şowhunly aýdymlary, tanslary, şadyýan sahna oýunlary körpeler üçin döredijilik sowgady boldy.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.
Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarynyň baş maksadydyr. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm, strategik maksatlarynyň biridir. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary kemala gelýär.
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleri, şanly wakalar we umumymilli baýramlar mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirildi.
Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda gurlan medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljek günlerine halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi.
Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bolan dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.