Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Çap edildi 28.09.2023
1301

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda Watanymyz dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çärelerdir dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy» atly ýörite žurnal, şeýle-de «Sustainable Development Goals News» we «Business Central Asia» atly halkara žurnallar neşir edildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky hem-de Hindistandaky ilçihanalary bu neşirleri taýýarlamaga ýardam berip, olary zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etdiler.

Türkmenistan diňe bir esasy senagat pudaklaryny çalt depginde ösdürmek, tebigy çig mal serişdeleri bilen däl, eýsem, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ägirt uly kuwwat bilen şertlendirilen uly mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde-de tutuş dünýäde gyzyklanma döredýär. Bu mümkinçilikler ykdysadyýetde, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, intellektual alyşmalarda wajyp orun eýeleýär. Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi gülläp ösýän Türkmenistana dünýäniň gyzyklanmasynyň durnukly artýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Žurnallaryň sahypalarynda möhüm wakalar we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-diplomatik, ykdysady, durmuş, hukuk ulgamlarynda, ylymda hem-de medeniýetde gazanylan uly üstünlikler beýan edilýär. Olarda Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi, sebitiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy barada gürrüň berilýär.

Neşirleriň sahypalarynda gozgalan beýleki möhüm meseleleriň hatarynda energetika, ulag, suw diplomatiýasy we ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen giň gerimli işleri bilen bagly halkara başlangyçlaryny görkezmek bolar. Makalalarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy we onuň daşary syýasy ugrunyň ýörelgeleri — beýleki ýurtlaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, olaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmakdan ýüz öwürmek, halkara işlerde BMG-niň çözgütlerini ileri tutmak, hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýörelgeleri barada gürrüň berilýär.

Parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti hakyndaky möhüm maglumatlara hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, olaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, neşirlerde milli ykdysady nusganyň aýratynlyklary, nebitgaz, energetika, ulag, senagat, söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşi barada maglumatlar berilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-amaly žurnalyň ikinji sany çapdan çykdy. Žurnalda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçiren köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderlilikde beýan edilýär. Žurnalda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirildi.

Neşiriň täze sanynyň däp bolan «Diplomatik durmuşyň senenamasy» atly umumy sözbaşysynyň astynda ýerleşdirilen habarlarda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlar, brifingler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri hem-de iri halkara guramalaryň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler barada gürrüň berilýär.

Döwürleýin neşirler ýurdumyzyň we ak mermerli paýtagtymyzyň durmuşy, medeniýeti, aýdym-saz sungaty, türkmen tagamlary, milli miras, taryhy ýadygärlikler baradaky köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir. Munuň özi okyjylara häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow