Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi
Jemgyýet
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi
Çap edildi 27.10.2023
1156

Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapdy.

Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işiniň guramaçylygyna bagyşlanan meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy, geljek üçin möhüm wezipeleriň maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigi mälim edildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, halkymyz alabaýlara aýratyn hormat bilen garaýar. Şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürilip kemala getirilen alabaýlar bütin dünýäde bellidir. Taryhyň edebi çeşmelerinde we halk rowaýatlarynda alabaýlaryň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, islendik çylşyrymly ýagdaýda eýesini halas etmek üçin öz janyny pida etmäge taýýardygy barada aýdylýar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, kemala getirmek we köpeltmek babatda köpasyrlyk däpleri wagyz etmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.

Soňra mejlisde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, Fransiýa Respublikasynyň Milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni, arheolog Julio Bendezu Sarmientonyň çykyşy diňlenildi. Alym-arheolog mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga berýän ünsi we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, gatnaşyjylaryň ählisini Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.

Fransuz alymy ýörite suratly şekiller arkaly itşynaslyk sungatynyň taryhy we ösüşi barada giňişleýin durup geçdi. Ol Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna salgylanyp, alabaýyň gadymy görnüşleriň biridigini we oňa türkmenleriň irki döwürlerde hem aýratyn hormat bilen garandyklaryny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ähmiýetli orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bu eser alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryna, olaryň ösdürilip ýetişdirilişine we saklanyşyna içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaýyň gelip çykyşy, ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär. Alabaý asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi we türkmen halysy ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar.

Alabaýlar halkymyzyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Sebäbi olar halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň wajyp ugruny emele getirýär. Häzirki döwürde bu keşpler özüniň ähmiýetini birjik-de peseltmän, gaýtam, has çuň many-mazmuna eýe boldy. Çünki olar özüne köp nesilleriň buýsanç duýgularyny, ata-babalarymyza asylly zähmeti üçin olaryň hoşallyklaryny jemledi.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň gysga wagtda artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, bu tohumyň wekillerine tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik, sergiler we maslahatlar guralýar. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnaly esaslandyryldy. Diýarymyzyň itşynaslary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, öz nobatynda, itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri bolan türkmen alabaýlaryny dünýäniň beýleki döwletlerinde-de ösdürip ýetişdirmäge itergi berýär.

Halkara assosiasiýanyň agzalary, hususan-da, Belarus Respublikasyndan we Beýik Britaniýadan hususy itşynaslar Lýudmila Butkewiç hem-de Antonino Lo Raso sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, “tegelek stol” maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljek nesiller üçin bu ajaýyp tohumyň genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Nygtalyşy ýaly, dünýäde alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, olaryň eýesine wepadarlyk häsiýetlerini giňden wagyz etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy.

Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işe mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

Milli itşynaslar halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn goşantlaryny goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Assosiasiýanyň düzümine daşary ýurtly hususy itşynaslar hem kabul edildi. Slowakiýa Respublikasyndan Roman Repka we Çehiýa Respublikasyndan Pawel Swoboda sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Mejlise gatnaşyjylar itşynaslygyň milli ýörelgelerini halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň alabaýlary bütin dünýäde wagyz etmek boýunça işlere ýardam berjekdigini bellediler.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow