Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, alymlar, syýasatşynaslar, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Mejlisde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi.
Şu gün paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.
Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2023-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi.
Ýewropanyň döwletleri bilen oňyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler türkmen-amеrikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama gabatlanyp, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyşy, şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir.
Şu gün ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýaýbaňlandyryldy.