Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.