Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bitaraplygyň dostlary toparynyň Jarnamasy BMG-niň sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Syýasy habarlar
Bitaraplygyň dostlary toparynyň Jarnamasy BMG-niň sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Çap edildi 15.03.2023
1887

Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda işjeň we başlangyçly orny eýeleýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde dürli ugurlarda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary, Türkmenistanyň teklibi bilen taýýarlanylan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalary görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda şu ýylyň fewralynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama hem bar.

2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Bu köptaraply dialogyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyna, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
top-arrow