Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy
Jemgyýet
Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy
Çap edildi 16.03.2023
2543

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler ähli uçastok saýlaw toparlarynyň guramaçylykly işleýändigini bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girizildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda guraldy. Ýurdumyzda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar.

Milli synçylardan başga-da halkara synçylar we bilermenler saýlawlara monitoringi amala aşyrýarlar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda hem, gönüden-göni ses berilýän günde hem paýtagtymyzyň, welaýatlaryň saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanýar. Döwürleýin neşirlerde dalaşgärleriň terjimehallary baradaky maglumatlar çap edilýär. Saýlawçylar geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde ýa-da saýlaw uçastoklarynda dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şol bir wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär. Olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar.

Şeýlelikde, şu gün badalga alan möhletinden öň ses bermek işleri ýerlerde bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresini geçirmäge doly taýýarlygy tassyklaýar. Ol ýurdumyzyň demokratik ösüş ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhyna ýazylar.

Soňky habarlar
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
top-arrow