Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 15.03.2023
2370

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmaga, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, adamlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmekde möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tutuş Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap anyklaýyş we sagaldyş merkezleri, halkara ölçeglere laýyk gelýän hassahanalardyr şypahanalar, ýerli çig mallardan derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürýän kärhanalar gurulýar.

Innowasion tehnologiýalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, ugurdaş edaralaryň giň ulgamy we olaryň hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmegi gysga wagtyň içinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, keselçiligi pese düşürmäge we ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň röwşen geljeginiň berk binýadydyr. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly syýasatymyzyň aýdyň beýanydyr. Nobatdaky döwrebap lukmançylyk desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy hem-de Türkmenistanda ençeme möhüm taslamalary durmuşa geçiren “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Şu gün ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çoganly” ýaşaýyş toplumyna, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzy mübärekleýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara — türkiýeli belli myhmanlara bu şanly waka gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän türkiýeli hyzmatdaşlaryň saldamly goşandyny kanagatlanma bilen belläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň möçberli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin olara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikdäki aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary mübärekläp, şu gün ýurdumyzda birbada üç sany döwrebap desganyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşýandyklaryny belläp, dabara gatnaşyjylary we halkymyzy bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda batly gadamlar bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak mukaddes we parz işdir. Kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de düýpli özgertmegiň ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy, wezipelerimizi kesgitleýär.

Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda hemişe alada edýär. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň binýadydyr. Biziň her birimiziň saglyga degişli ýönekeý talaplary we barlaglary berjaý etmegimiz zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri berjaý edilende, raýatlarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak boljakdygyna ynam bildirdi. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ynsan saglygyny berkitmek döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezlerini, şypahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen aýrylmaz baglydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şeýle hem saglygy goraýyş ylmyny we bilimini ösdürmek, hünärmenleriň taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek, ýokary derejeli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Pudagyň maddy-tehniki kuwwatyny artdyrmak bilen, oňa düýpli maýa goýumlary yzygiderli çekmek, bu ugurda daşary ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň uly üns berýän ugurlarynyň biridir.

Siziň bilşiňiz ýaly, saglygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli ýaş nesilleri kemala getirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini ylmy taýdan öwrenip, ilatyň saglygyny berkitmekde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriň, derman kärhanalarynyň we okuw-ylmy edaralaryň aýratyn ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, amala aşyrylýan işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumy döredildi. «Ene mähri» merkezleri, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Baýramaly”, “Farap”, “Mollagara”, “Berzeňňi”, “Daşoguz”, “Awaza”, “Bagabat” şypahanalary, derman kärhanalary, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän edaralar bina edildi.

Hazaryň şypaly hem-de ekologik taýdan arassa kenaryndaky Awazada çagalar we ulular üçin döwrebap sagaldyş-dynç alyş toplumlarynyň, myhmanhanalaryň onlarçasy guruldy. Bu edaralar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde netijeli işleri alyp barýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyzda düýbi tutulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň hem uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat edip, adamlaryň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramakda uly işleri bitirjekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bu keselleriň öňüni almakda we olary wagtynda bejermekde oňyn netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Täze merkeziň bölümleri we anyklaýyş hem-de bejeriş otaglary dünýäniň ösen döwletleriniň lukmançylyk, saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün ediler. Paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde guruljak Halkara pediatriýa merkezi hem çagalara dünýä ülňülerine laýyk ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin niýetlenýär. Bu merkezde ösüp gelýän nesillerimize lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Täze guruljak Stomatologiýa merkezinde bolsa agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary ulanylar. Hyzmatlar agyz boşlugynyň dürli keselleri bilen kesellän hassalaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýşynyň hiliniň gowulanmagyna we işe ukybynyň dikelmegine oňyn täsir eder. Stomatologiýa merkezinde işlejek lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin hem ähli şertler dörediler.

Biz halkymyzyň saglygy bilen bagly alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de netijeli dowam etdireris. Täze-täze lukmançylyk edaralaryny gurarys. Ýakyn ýyllarda Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalaryny, paýtagtymyzda wirusologiýa merkezini, lukmançylyk orta okuw mekdebini bina ederis. Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze binalaryny gurarys. Bu saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap lukmançylyk enjamlary we ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň durmuşyndaky ajaýyp waka — häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dabara gatnaşyjylary we ähli halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, düýbi tutulýan binalar toplumynyň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegini arzuw etdi.

Soňra “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyga söz berildi.

Türkiýeli işewür dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, döwrebap saglyk merkezleriniň, köpugurly hassahanalaryň, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriniň, şypahanalaryň, saglyk ulgamyna degişli beýleki birnäçe desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini aýtdy.

Keselleri anyklamakda, olary bejermekde we öňüni almakda, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny berjaý etmekde, öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri pudaga ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Durmuşa geçirilýän nusgalyk işleriň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň saglygy goraýyş ulgamy düýpgöter özgerýär, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanýar, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar.

Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda baş potratçy hökmünde hyzmatdaşlyk edýäris, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekdäki ýetilýän belent sepgitlere goşant goşýandygymyza buýsanýarys diýip, Ahmet Çalyk belledi we özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara, hususan-da, türkiýeli myhmanlara şu gezekki dabara gatnaşýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, häzirki zaman türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhyndan söz açdy.

Gahryman Arkadagymyz özara gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini belläp, Türkiýe Respublikasynyň ilki ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyny, soňra bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesini iki gezek goldan ilkinji döwletleriň biridigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki günde Türkiýe bilen netijeli gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, dünýägaraýşynyň, dininiň, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigine Türkiýede geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi hem şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli, işjeň ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň özara hormat goýmak, düşünişmek we birek-biregi goldamak tejribesine berk ygrarlydygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, türk kompaniýalarynyň abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň okgunly ösüşine mundan beýläk-de saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Dabara tamamlanandan soňra, ak ýektaýly oglanjyk we gyzjagaz şu günki şanly waka mynasybetli ýadygärlik senenamasynda ýazgy galdyrmagyny haýyş edip, Gahryman Arkadagymyza ýüzlenýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binasynyň düýbüne atyldy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklaýar hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berýär.

500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde — beýleki lukmançylyk merkezleriniň ýakynynda gurlar. Paýtagtymyzyň giň lukmançylyk düzümleriniň üstüni ýetirjek bu saglygy goraýyş edarasy ilatymyza ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir.

Ýewropada we dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediljek bu merkezde dürli onkologiýa kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak we netijeli bejermek üçin anyklaýyş, bejeriş, saglygy dikeldiş bölümlerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda anesteziologiýa we reanimasiýa; operasiýa; gatnaw şertlerinde gündizine himiýa bejergi berilýän bölümler; neýroonkologiýa; kelle we boýun çiş keselleri; aýal onkologiýa keselleri; süýt mäzleriniň onkologiýa keselleri; döş kapasasy we garyn hirurgiýasy; bagyr-aşgazanasty mäziň onkologiýasy; umumy onkologiýa; himiýaterapiýa we şöhle bilen bejeriş; agyr onkologiki näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge kömek bermek ýaly bölümler bar.

Şeýle hem täze Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düzümine gematologiýa merkezi, barlaghana bölümi, anyklaýyş we maslahat beriş hem-de rentgen arkaly anyklaýyş bölümleri, sitologiýa, molekulýar-genetika bölümleri, dermanhana bölümi, kömekçi we beýleki bölümler giriziler. Bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň onkologiýa, şöhle bilen bejeriş we anyklaýyş kafedrasy hem ýerleşdiriler. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, onkolog lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, awtoulagda täze Stomatologiýa merkeziniň guruljak ýerine ugrady.

Aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Paýtagtymyzyň “Köşi” ýaşaýyş toplumynda guruljak 80 orunlyk täze Stomatologiýa we äň-ýüz hirurgiýa merkezinde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak, olaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler. Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmek, olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin ulanylar. Bularyň hemmesi näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine ýardam berer.

Ýaşajyk “lukmanlar” — ak ýektaýly oglanjyk we gyzjagaz Milli Liderimize Stomatologiýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli taryhy ýazgyny galdyrmak haýyşy bilen ýüzlenýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary bu şanly waka bilen gutlap, 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda dürli keselleriň diňe bir bejerilmeginiň däl, eýsem, öz wagtynda öňüniň alynmagynyň hem ilkibaşdan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady.

Stomatologiýa häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki dişleriň we agyz boşlugynyň keselleriniň mümkin bolan gaýraüzülmeleri köp sanly beýleki kesellere getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş hünärmenleriň gözegçiliginde yzygiderli barlagdan geçmegiň we elbetde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz köp ýyl mundan ozal bile işleşen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýewe ýüzlenip, öňler nanotehnologiýalar we innowasiýalar ornaşdyrylan şeýle merkez barada diňe arzuw etmek bolandygyny belledi.

Şu gün ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen şeýle lukmançylyk merkezleriniň gurulýandygyna buýsanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň taryhynda täze sahypany açýan şu günki şanly waka, şeýle-de ýetip gelýän Milli bahar baýramy bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda taryhy ýazgyly ýörite gutujyk binanyň düýbüne atylýar. Munuň özi Stomatologiýa merkeziniň gurluşygyna badalga berlendigini alamatlandyrýar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň guruljak ýerine tarap ugrady.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde özboluşly lukmançylyk şäherjigi kemala geldi. Onuň gurluşygyna türk kompaniýalary işjeň gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu ekologik taýdan arassa zolakda — Köpetdagyň eteginde Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän dünýä derejesindäki ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş edaralarynyň tutuş ulgamynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş ugurly desgalaryň ýerleşýändigini buýsanç bilen nygtady. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan bu döwrebap lukmançylyk merkezlerinde köp keselleri irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek üçin ähli şertler döredildi.

Bu ýerde ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly daşary ýurt enjamlary hem-de lukmanlaryň ýokary hünär derejesi ýöriteleşdirilen barlaglary we çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn wagtda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň bu uly toplumynyň üsti 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi bilen ýetiriler.

Çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge niýetlenen bu täze merkez hem ýokary halkara ölçeglere laýyklykda gurlar. Bu ýerde näsaglary barlamak we bejermek dünýäniň öňdebaryjy hassahanalarynyň lukmanlary bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.

Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň öz wagtynda esasyny goýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bolandygyna we şeýle bolmagynda-da galýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda milli we sebit ähmiýetli onlarça taslamalar hem-de maksatnamalar durmuşa geçirildi we häzirki wagtda-da durmuşa geçirilýär. Olaryň aglabasy saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýaş maşgalalaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu ugurda alnyp barylýan işler tejribesi dünýäniň beýleki ýurtlaryna görelde bolýan Türkmenistana, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly abraý we hormat getirdi. Täze taryhy döwrüň ähli üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Gurluşygyň alnyp baryljak ýeriniň ýanyndaky meýdançada ykbalyny mähriban Watanymyzyň abadançylygyna we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine bagyşlan türkmen halkynyň Milli Lideriniň şanyna aýdymlar belentden ýaňlandy.

Ak ýektaýly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna taryhy ýazgyny galdyrmak haýyşy bilen ýüzlenýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara — saglygy goraýyş işgärlerine hem-de köp sanly myhmanlara ýüzlenip, saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň özenini düzýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Eneligi we çagalygy goramak bu maksatnamalaýyn resminamada kesgitlenen möhüm ugur bolup çykyş edýär. Çünki durmuş tejribesi sagdyn ene bolmasa, sagdyn perzendiň hem bolmaýandygyna şaýatlyk edýär. Keselleri barlamagyň we olaryň öňüni almagyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasion enjamlary bilen üpjün ediljek Halkara pediatriýa merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi tötänden däldir.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary bu şanly waka, şeýle-de ýetip gelýän Milli bahar baýramy we mukaddes Oraza aýy bilen gutlap, çagalaryň bagtyýar bolmagynyň, hemişe çaga gülküsiniň ýaňlanyp durmagynyň biziň esasy wezipämizdigini nygtady. Iň ýokary döwlet derejesinde amala aşyrylýan yzygiderli çäreler hem şuňa gönükdirilendir. Munuň özi Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak, ruhy taýdan baý we beden taýdan sagdyn ýaş nesil baradaky edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgyly gutujyk binanyň düýbüne atylýar.

Röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine hem-de halkara kadalara laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna döwlet tarapyndan goldawa mätäç näsag çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi. Şu günki dabara gatnaşan ýaş türkmenistanlylar, şeýle hem olaryň dogan-garyndaşlary, ýakynlary ösüp barýan ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, ýaşamak, sazlaşykly ösmek üçin Garaşsyz Türkmenistanda iň gowy şertleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şanyna goşgular belentden ýaňlandy.

Şu günki ýatdan çykmajak waka mynasybetli ähli çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyz bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi.

Metjide gelende, Gahryman Arkadagymyz şu waka bilen baglylykda ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekillerini mähirli mübärekledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hut ruhy-ahlak däplerimiziň we dinimiziň umumylygy iki doganlyk halkyň kyn pursatlarda birek-birege goldaw bermegini şertlendirýär.

Weýrançylykly ýertitremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de şu günki sadaka we oňa çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Din wekilleri mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini okadylar hem-de şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagy barada dileg etdiler.

Sadaka başlamazdan ozal, hajy Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, berkarar döwletimizde her günümiziň şanly wakalara, döwletli işlere beslenýändigini belledi. Şu gün paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň binalarynyň düýbüniň tutulmagy hem muny doly tassyklaýar.

Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Biz hem şol gadymy ýolumyzy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirýäris. Gurluşygyna başlanan binalar adamlara şypa bermekde, olaryň derdine em etmekde, saglygyny goramakda örän möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň gurluşygynyň bu ugurdan baý tejribesi bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanylandygyny ýatladyp, türk halkynyň Türkmenistana «Ata Watan, ata ýurdum» diýýändigine ünsi çekdi. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda iki dogan halk, iki döwlet hemişe birek-biregi goldap gelýär.

Bilşimiz ýaly, Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitreme köp sanly adam pidalaryna, agyr ýitgilere getirdi. Bu örän agyr tebigy betbagtçylyk biziň ählimizi gynandyrdy. Türkmenistan hem ilkinjileriň hatarynda bu ýurda doganlyk goluny uzatdy. Türkmen halkynyň adyndan doganlyk Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi, ýagny ilkinji nobatda zerur bolan serişdeler iberildi. Bu bolsa doganlyk ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän uly hormatyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, zerur wagtynda birek-birege söýenişmek, ýardam bermek, birek-biregi goldamak biziň halklarymyzyň umumy asylly däbidir.

Hajy Arkadagymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine, dürli ugurlarda birek-birege goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şol agyr günlerde Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekilleri bilen gynanjyny paýlaşdy we duýgudaşlyk bildirdi. Şonda pida bolanlaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka beriljekdigi barada aýdyldy.

Ine, şu gün — Oraza aýynyň öň ýanyndaky günlerde bolsa doganlyk Türkiýede bolup geçen hasratly ýertitremede şehit bolanlary hatyralap, Hezreti Omar metjidinde sadaka berilýär, aýat-töwir edilýär.

“Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň jaýy jennet bolsun! Allatagala olara iman baýlygyny bersin!” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsinden aýat-töwir edip bermegini sorady.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Tagam dadylandan soň, aýat-töwir edildi.

Sadaka tamamlanandan soňra, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow