Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-tatar işewürlik maslahaty
Ykdysadyýet
Türkmen-tatar işewürlik maslahaty
Çap edildi 15.03.2023
615

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.

Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri, senagat, ylym-bilim, medeniýet merkezleri bilen oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň esasynda özara gatnaşyklaryň toplanan uly tejribesi hem-de köptaraply mümkinçiligi goýlandyr.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Tatarystanyň dürli ykdysady ugurlarda ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet Aşgabada geldi. Türkmen tarapyndan işewürlik maslahatyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibindäki meseleler iki ýurduň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda, söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiligi babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemledi. Foruma gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasynda özara hereket etmegiň oňyn tejribesiniň bardygyna, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üstünlikli işleýändigine üns çekildi. “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” maşyngurluşyk kärhanalary ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenko çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda tehnikalary öndürmek boýunça dünýäde iri kompaniýalaryň biriniň — “Eýdos-Medisina” kompaniýasynyň ABŞ-da, Ýaponiýada we Tatarystanda işleýändigini belledi. Kompaniýa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyk edýär we degişli tehnikalary iberýär. Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi bilen degişli ylalaşyga gol çekildi.

Şunuň bilen birlikde, forumda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Awtomobil, awiasiýa we gämigurluşyk, energetika, himiýa önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini ibermek, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Häzir Tatarystan innowasiýalar ulgamyny işjeň ösdürýär we maýadarlar üçin düzümleri kemala getirip, Russiýanyň maýa goýum ýagdaýlar boýunça milli reýtinginde öňdeligi eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring we ylmy-barlag merkezlerini döretmek, nano we IT tehnologiýalary ösdürmek, kompozit serişdelerini we robot tehnikalaryny öndürmek ýaly ugurlarda tejribe alyşmaga, umuman, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmen tarapynyň wekilleri häzirki tapgyrda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde gurluşyk senagatynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Şeýle hem energetika, oba hojalygy, ulag ulgamy, maşyngurluşygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeler degişli önümçilik düzümleriniň ösdürilmegini, azyk bolçulygynyň döredilmegini, sarp ediş bazarynyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Şunda hususy ulgamyň mümkinçiliginiň has doly ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça başlangyçlary esasynda bu ulgam aýratyn ösüşe eýe bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzir Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin has oňaýly şertler döredilýär. Karz bermegiň möçberleri giňeldildi, amatly salgyt syýasaty durmuşa geçirilýär.

Myhmanlaryň çykyşlarynda Tatarystanyň işewür toparlarynyň häzirki döwürde ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. Işewürler giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi. Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň depginli häsiýetini aýratyn bellediler.

Soňky habarlar
21.03
Dostluk we ynanyşmak syýasaty — ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili
21.03
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
21.03
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap
20.03
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary
20.03
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
20.03
Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär
20.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 181 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
20.03
Türkmen-katar ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi
20.03
Dohada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kataryň Emiriniň arasynda gepleşikler başlandy
top-arrow