26.10 2024

Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.

26.10 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

26.10 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

26.10 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

25.10 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

25.10 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

25.10 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

25.10 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

25.10 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

25.10 2024

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Demirgazyk Makedoniýanyň raýatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de onuň halkyna ösüş, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

1469 sahypa
Soňky habarlar
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi