Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 04.06.2025
775

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi hemişelik Bitarap Watanymyzyň nusgalyk ekologiýa syýasatyny, daşky gurşawy goramak boýunça umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny dabaralandyrýan halkara baýram — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar geljegi, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de ajaýyp tebigatymyzy gorap saklamak we ony has-da gözelleşdirmek ugrunda durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Dünýä medeniýetiniň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan ata Watanymyzyň asuda asmany, arassa howasy, ekologiýasy, örän täsin, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň sährasynda, düzünde, daglarynda, deňiz-derýalarynda mesgen tutan dürli haýwanlar, kök uran ösümlikler täsin tebigatymyzyň bezegidir, halkymyzyň guwanjy hem baýlygydyr. Daşky gurşawy, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklap, ajaýyp görnüşde geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň gatnaşmagyňyzda ýurdumyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlarymyzyň çäginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy, nahallaryň, gyrymsy agaçlaryň we miweli baglaryň, birýyllyk, köpýyllyk otjumak gülli ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilmegi ata Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bolsa daşky gurşawy goramak, bag ekmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň halkara ykrarnamasydyr.

Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde, ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we ätiýaçlyk suw gorlaryny netijeli peýdalanyp, halka ýetirmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligi il-günümiziň saglygyny goramakda-da iňňän uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz, Siziň belleýşiňiz ýaly, uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär, Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, şeýle hem tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsir edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda hemişelik Bitarap Türkmenistan suw gorlaryny aýawly ulanmak, ýerleriň çölleşmeginiň we şorlaşmagynyň öňüni almak, atmosfera howasyny hapalanmakdan goramak hem-de beýleki wajyp wezipeler boýunça halkara giňişlikde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýän döwlet hökmünde tanalýar. Siziň bütindünýä forumlarynda ekologiýa çygryndaky düýpli meseleleriň oňyn çözgüdini salgy berýän başlangyçlaryňyz, taryhy we medeni ähmiýetli ekologik ulgamlary dikeltmek, tebigy mirasy hormatlamak hakynda ylmy taýdan esaslandyryp, öňe sürýän teklipleriňiz ählumumy goldawa eýe bolýar. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryna goşulmak, maksatnamalaryna, taslamalaryna gatnaşmak bilen, bu ugurlardaky tagallalaryny giňeldip, işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa sebitiň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň endemik görnüşleriniň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam berýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, daşky gurşawy goramak boýunça halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň

Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
18.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady
18.09
Awazada halkara forum geçirilýär
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
top-arrow