Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döredijilik festiwaly medeniýetleri ýakynlaşdyrýar
Medeniýet
Döredijilik festiwaly medeniýetleri ýakynlaşdyrýar
Çap edildi 04.06.2025
152

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara çäreler yzygiderli geçirilýär, olar ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara festiwal dünýä halklaryna türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer.

Bitarap Watanymyz bu özboluşly hukuk derejesine eýe bolup, goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän başlangyçlary öňe sürmek, raýatlarynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly örän möhüm borçnamalary öz üstüne aldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin «Awaza» akwaparkyna Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar.

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilip geçilýändigi barada aýdylýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ýola goýan hoşniýetli gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Bu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan aýdyň wezipeler, belent maksatlar sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmeginde, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

“Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde tans we folklor sungatyna aýratyn orun degişlidir. Çünki sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Bu halkara festiwalyň esasy maksady hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmekden, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Soňra akwaparkyň sahnasynda bilelikdäki konsert geçirildi. Tomaşaçylar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen tans toparlaryny mähirli garşy aldylar. Olaryň käbirleri ýurdumyzda geçirilen halkara medeni çärelere ençeme gezek gatnaşdylar. Sahnada dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginliligi öz beýanyny tapdy, milli aýdymlar ýerine ýetirildi we gadymdan gelýän däpleriň özboluşlylygy şöhlelendirildi.

Dünýä halklarynyň medeniýetiniň dürli tarapdan öwrenilmegine, dostlugyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara festiwalyň esasy mazmuny artistleriň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Köp sanly tomaşaçylar dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyny özünde jemleýän ajaýyp sahna oýnuna tomaşa etdiler hem-de gadymy saz gurallarynyň jadylaýjy owazyndan lezzet aldylar.

Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary, halk tanslaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirijiler konsertde türkmen sungatyna wekilçilik etdiler. Olaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bolsa tomaşaçylarda we festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Artistler asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan belent heňli horeografik mukamyň üsti bilen milli däp-dessurlaryň many-mazmunyny açyp görkezýärler. Şonuň üçin-de tansyň depgini ýokarlandygysaýy, tansçylar öz çalasyn hereketleri bilen geçmişiň, häzirki döwrüň hem-de nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşyk duýgusyny döredýärler.

Halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamaga, ylmy, medeniýeti we sungaty ösdürmäge, ylmy işgärleri hemmetaraplaýyn goldamaga, ynsanperwer ulgamdaky aragatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Halkara festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň mejlisler zalynda «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halky milli däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, özboluşly folklor sungatyny nesillerden-nesillere geçirip, kämilleşdirip gelipdir. Olarda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

«Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurynyň özboluşlylygy hem-de gadymylygy göz öňünde tutulyp, ol 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Çünki bu tans geçmişi we şu güni, şeýle hem dürli medeniýetleriň wekillerini birleşdirýän özboluşly durmuşy mazmuna eýedir.

Tanslarda hereketiň üsti bilen halkyň garaýyşlary, duýgulary, ruhy ahwalatlary, durmuşdaky ýagdaýlara bolan gatnaşyklary beýan edilýär. Däp-dessurlar, ynançlar, maşgala baýramçylyklary (bäbek toýy, durmuş toýy, oýunlar) we milli baýramlar ýaly gündelik durmuş bilen ýakyndan baglanyşykly bolan halk tanslarydyr aýdym-sazlary milli medeni mirasymyzyň baýlygyny, özboluşlylygyny beýan edýär hem-de dünýä halklaryny döredijilik taýdan birleşdirýär. Şu gezekki halkara forum hem bilimleri artdyrmakda, sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde we tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, munuň aýdyň mysalydyr.

Üç günüň dowamynda döredijilik duşuşyklary we tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezerler.

Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň taryhy bilen tanyşmagy we gämide gezelenç etmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

6-njy iýunda «Awaza» akwaparkynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy, degişli diplomlaryň gowşurylyşy hem-de döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti bolar.

Soňky habarlar
06.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
05.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ugurlary: täze tehnologiýalar we ekologiýa
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
04.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow