Şu gün «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
Maslahatyň esasy maksady sanly tehnologiýalar we adam maýasyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ugurdaş türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu çäre tehnologik özgertmeler we howanyň üýtgemegi şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esasy meýdança bolup hyzmat eder.
Maslahatyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Täze uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde energetiki mümkinçilikler, täze tehnologiýalar we daşky gurşaw taraplary» hem-de «Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Halkara energetika agentliginiň, şeýle hem «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «CNPC», «Dragon Oil», «Eni S.p.A.» ýaly meşhur kompaniýalaryň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri hem çykyş etdiler. Olar halkara, sebitleýin we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny döretmek barada tanyşdyrmalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky ýagdaýlar, bu ugurda marketing strategiýalary barada seljerme maglumatlary bilen çykyş etdiler hem-de toplan tejribelerini, täze taslamalaryny paýlaşdylar.
Birinji mejlis häzirki zaman ählumumy energetika landşaftynyň derňewine we uglewodorodlaryň geljekki ornuny kesgitlemäge, olary gözlemek, gazyp almak we gaýtadan işlemek babatda gazanylan üstünlikleri görkezmäge, şeýle hem daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp almak we gaýtadan işlemek ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, mawy ýangyjy eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Mejlisde çykyş eden hünärmenler nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin täsirli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagynyň daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, tebigata antropogen täsiri azaltmak üçin nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň, uglewodorod ýataklary özleşdirilende iň täze enjamlary we tehnologiýalary ulanmagyň, energiýa çykdajylaryny azaltmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasyny işjeň ösdürmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Energiýa çykdajylarynyň düýpli azaldylmagy, Gün we ýel elektrik stansiýalary arkaly energiýa öndürmek tehnologiýalarynyň ösdürilmegi az uglerodly ykdysadyýete geçmekde hem-de ekologik taýdan durnukly geljegi gurmakda aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda arassa energiýa geçmegiň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de milli bähbitleri, ähli taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda uzak möhletleýinlik, açyklyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.
Mälim bolşy ýaly, nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy hökmünde, ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşýan Türkmenistan özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlaryny beýan edýär. Energetika ulgamynda strategik başlangyçlary goldamak we höweslendirmek bolsa geljekde bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
“Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly mowzuklaýyn mejlisde ekologiýa durnuklylygyny gazanmakda adam faktorynyň aýgytly ornuna üns çekildi. Şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalar, şol sanda Derweze gaz krateri boýunça işleşmekde innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uglewodorodlary gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň, ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamagyň we azaltmagyň tehnologiýalary, usullary hem-de tejribesi bilen bagly wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberiniň azaldylmagy we tebigy gaza bolan islegiň artmagy halkara jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr.
Ýataklary özleşdirmegiň depgininiň ýokarlanmagy bilen, gazylyp alynýan tebigy gazyň möçberiniň ep-esli artjakdygy we şunuň bilen baglylykda, kömürturşy gazyny himiki taýdan peýdalanmak we dökün öndürmekde ulanmak meselesiniň möhüm ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak we suwsuzlandyrmak, täjirçilik maksatly gazy öndürmek, wodorod sulfidinden kükürt almak, ony granulýasiýa etmek we gaplamak üçin häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar.
Mejlisleriň dowamynda halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar hem-de köp mukdardaky kömürturşy gazy saklanýan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Türkmen alymlary hem bu ugurda täze ylmy işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdylar. Şeýle hem durnukly howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge we ekologiýa töwekgelçiligi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga aýratyn üns çekildi.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirilip, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.