23.06 2025

Şu ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

23.06 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. 

22.06 2025

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

22.06 2025

Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

22.06 2025

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

22.06 2025

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler.

22.06 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

21.06 2025

Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar.

21.06 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

20.06 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

1534 sahypa
Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi