30.04
2020
Türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen faşizme garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk senesini bellejek wagty daş däl. Bu senäniň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny hem-de tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi.
30.04
2020
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli karar edýärin:
30.04
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
30.04
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi berilýär. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy.
30.04
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
30.04
2020
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Gurhanyň inderilen nurana Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
30.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirilip, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.04
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.
29.04
2020
Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar.