Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti, Kuweýtiň Emiri we Omanyň Soltany mähirli gutlaglaryny iberdiler
Syýasy habarlar
Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti, Kuweýtiň Emiri we Omanyň Soltany mähirli gutlaglaryny iberdiler
Çap edildi 30.04.2020
1055

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Gurhanyň inderilen nurana Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Päk niýetlerden doly bu aýda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin şertleriň döredilmegi netijesinde, ruhy gymmatlyklaryň baýlaşdyrylmagy we tagallalaryň birleşdirilmegi arkaly biziň tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň dabaralanmagynyň şaýatlary boljakdygymyza umyt edýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk dileg edýärin. Hasan RUHANI, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamagy özüme hormat-sarpa hasaplaýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Siziň doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Beýik Biribardan ähli musulmanlaryň ýagşy arzuwlaryny kabul etmegini dileýärin. Heýsam ben TARIK, Omanyň Soltany.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly mertebedir. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş, dünýäniň ähli ýurtlaryna hem-de halklaryna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin. Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah al-Ahmad al-Jaber as-SABAH, Kuweýt Döwletiniň Emiri.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow