Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömegi
Jemgyýet
Mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömegi
Çap edildi 30.04.2020
1072

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi berilýär. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu hoşmeýilli we sogaply çäre Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol ýörelgeler bolsa milletimiziň durmuşynyň esasyny düzýär hem-de hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynda öz beýanyny tapýar. Oraza aýyna halkymyzda arassalanmagyň, sogaply we asylly işleriň aýy hökmünde uly sarpa goýulýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň milli häsiýetiniň aýratynlygy bolan ynsanperwerlik, ýagşylyga ynanmak, ýakynyňa kömek bermäge taýýar bolmak ýaly ýörelgeler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde çuň many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistan asyllylyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly köpasyrlyk däplere eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, parahatçylykly durmuşy berkarar etmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli kömek bermek bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda dostlukly ýurduň halkyny elektrik energiýasy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Ýurdumyzyň hünärmenleri Owganystanyň çäginde dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar, ýaşlary okatmakda hem-de işgärleri taýýarlamakda ýakyndan kömek berýärler. Goňşy döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly giň möçberli taslamalary ýatlatmak ýeterlikdir. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça strategik taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) geçelgesini döretmek baradaky täze bilelikdäki taslamanyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu geçelge diňe bir sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik bermelidir. Owganystanyň çäginde demir ýoluň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi Türkmenistanyň çägi arkaly dostlukly döwleti Ýewraziýa yklymynyň giň geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri ulag-kommunikasiýa taslamalary Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak goşant bolar. Netijeli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk owgan ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegine, möhüm ähmiýetli durmuş meselelerini, şol sanda ilatyň iş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Bu babatda Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işi hem-de hususy işewürlik ugry boýunça işjeň gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi milli däp-dessurlaryny aýawly saklaýan halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagynyň möhüm şertleriniň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän parahatçylykly we açyklyk syýasaty iki döwletiň arasynda ähli ugurlarda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow