09.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

09.09 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

09.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

09.09 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe seýsmologiýa ylmy boýunça düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, ylmy-gözleg işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, häzirki zaman geodinamik işjeňligini öwrenmek, seýsmiki hadysalaryň bolup geçýän döwründe seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň kanunalaýyklygyny we seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak, bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

09.09 2022

Durdy Meýmanowiç Genjiýewi Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.

09.09 2022

Güýzgeldi Baýjanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

09.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

09.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

08.09 2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

08.09 2022

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1514 sahypa
Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy