Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Çap edildi 08.09.2022
1859

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler kuwwatyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary we ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky birikmeleriň işini kämilleşdirmek, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary Watanymyza çäksiz wepalylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermek bilen baglanyşykly degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe göwnejaý taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň prokuratura edaralarynyň möhüm borjudygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanun bozulmalaryny öz wagtynda we doly ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak bilen baglanyşykly möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzda milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ministrlik tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Içeri işler ministrligi ulgamynda sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ösdürmek we ornaşdyrmak hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýurdumyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunçylygy we hukuk tertibini saklamagy, düzgün bozulmalarynyň öňüni almagy içeri işler gulluklarynyň işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ähmiýetini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri, sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly adalatly milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de öňdebaryjy tehniki serişdeleri, sanly ulgamy ulanmak arkaly guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ministrlik tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy saklamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň, öňdebaryjy tejribäni, döwrebap iş usullaryny hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, serhet galalarynyň tehniki üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak babatda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň ulanmaga berlendigi barada hasabat berildi. Bu desganyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Ýaragly Güýçleriň, şol sanda serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleriň görülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň esgerleriniň we serkerdeleriniň üstüne berkarar döwletimiziň serhetlerini goramak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini nygtap, ýurdumyzyň serhediniň goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostlugyň serhedi bolmagynda galmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde duran wezipelere ünsi çekip, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, halkara hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi we ony iş ýüzünde ulanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilata ýokary hilli hukuk kömegini bermegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen sekiz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmek boýunça Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, serhetden geçirilýän harytlaryňdyr ýükleriň ählisiniň çalt we içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek, şunuň bilen baglylykda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ulanmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreler görülmelidir diýip nygtady we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, öňde duran gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu gullugyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Innowasion usullary ornaşdyrmak meselelerine, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmäge yzygiderli esasda çemeleşmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary hem-de halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä-de, biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir. Biz bu doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna bardy.

Bu ýerde içeri işler ministri hormatly Prezidentimize toplumyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan athanada ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, degişli desgalaryň taslamalaryny görkezdi. Bu toplumyň çäklerinde esger ýatakhanasy, açyk manež, bedewler we taýlar üçin athanalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary we bassyrmalar, atlar üçin türgenleşik, gezim meýdançalary, çapuw ýodasy, karantin binasy, suw howdanlary, ýörite tehnikalar üçin desga, barlag-goýberiş nokady we beýleki degişli desgalar bar. Hasabat berlişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda degişli belliklerini aýtdy hem-de atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atçylyk toplumynyň desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, ozal gurlan beýleki toplumlar ýaly, täze atçylyk toplumynyň hem döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de olary çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýerde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň saklanylmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy, seýisçilik sungatyny ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi. Şunda toplumy öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri ekologik talaplary nazara almak arkaly amala aşyrylmalydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda bolşy ýaly, olaryň gurluşyk işlerinde-de ýerli tebigy şertleriň göz öňünde tutulmalydygynyň we gurluşyklarda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir hem-de binalar bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralarda atçylyk toplumlaryny gurmaga, gulluk atlaryny taýýarlamaga, atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda atşynaslygy dünýä derejesine çykarmaga, bu pudak üçin hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge, iň täze hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ugurdaş desgalary gurmaga gönükdirilen çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow