Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 09.09.2022
1556

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sekiz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy.

Ýanwar — awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy. Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini, geljek ýylyň maýa goýum Maksatnamasyny bellenen möhletde taýýarlamak üçin zerur işleri amala aşyrmak hem-de nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny, girdejilerini artdyrmak boýunça seljerme geçirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Şeýle-de nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan bu meýilnama 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama bolsa 124,3 göterim amal edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 26-27-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahaty geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynda, şeýle-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň öndürilişiniň ösüş depgini 131,3 göterime, nah matalaryňky 131,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 114,4 göterime, gön önümleriniňki 108,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — awgust aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 199 sany birža söwdasy geçirilip, 24173 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasynda ýerine ýetirilen işler boýunça 109 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 11 sergi we 34 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 168,6 göterime, senagat önümleriniňki 114,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de wise-premýere ýüzlenip, täze önümçilikleri döretmek arkaly maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Birža söwdalaryny geçirmek netijesinde pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek gerek. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmalydygyny, hasaba alynýan şertnamalary seljermek hem-de olaryň taslamalaryny tassyklamak üçin elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmalydygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça usulyýet kömegini güýçlendirmelidigini hem-de hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam edilmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynyň, energetika pudagynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,2 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,2 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 165,3 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri geçen döwürde önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 130 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 110,7 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 134,6 göterime deň boldy.

Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 179,1 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 101,9 göterim ýerine ýetirdi. Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 117,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat pudagynyň, himiýa kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine hem mümkinçilik berer.

Energetika ministrliginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Toplumyň düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna berlen «Türkmenturba» zawodyny netijeli dolandyrmak we onuň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga berilmeli iri binalaryňdyr desgalaryň, hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 1-nji tapgyrynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli gurlup, açylmaga taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk guramak, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli täze awtomobil ýolunyň gurluşygyny tizleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumynda önüm öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime barabar boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 185,7 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymy bilen bir hatarda, güýzlük bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda, Balkan we Mary welaýatlarynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri batly depginde dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen hem degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, G.Baýjanowy başga işe geçmegi sebäpli, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de D.Genjiýewi bu komitetiň täze ýolbaşçysy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşça ýüzlenip, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin howdanlaryň göwrümini giňeltmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini we suw sorujylaryň talabalaýyk işledilmegini gazanmalydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şor suw akabalaryny wagtynda we talabalaýyk arassalap durmak, suwaryş akabalarynda suw ölçeýji enjamlary, ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy gurallary gurnamak boýunça teklipleri taýýarlamak wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudagyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz D.Genjiýewe täze wezipede üstünlik arzuw edip, bu komitetiň işini talabalaýyk guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, oba hojalyk toplumynyň kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwlet we hususy düzümler tarapyndan azyk senagaty boýunça täze önümçilikleri döretmek, oba hojalyk maksatly ýerleri netijeli özleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri çaltlandyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegi barada aýdyp, bu ugurda zerur çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýer kadastrynyň sanly binýadyny döretmek işlerini hem çaltlandyrmagy, oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmaga isleg bildirýän taraplara ýerleri çalt we ýönekeý tertipde resmileşdirmegiň netijeli ulgamyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň sekiz aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi, şeýle-de «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hasabat döwründe talyp we okuwçy ýaşlar halkara internet ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, köp sanly medallary gazandylar. Degişli döwürde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat hem-de ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly geçirildi. Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde köpugurly hassahanalar, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkezinde onkologiýa hassahanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Hasabat döwründe geçirilen halkara sport ýaryşlarynda jemi 127 medal gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işleriň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigi nygtaldy. Ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek zerurdyr. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etdirmek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan muzdsuz berilýän derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygarynyň hormatyna hem-de milli baýramçylyklaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Şeýle-de Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Şu ýylyň 27-nji awgustynda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlary geçirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan degişli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şol sanda Döwlet münberiniň öňünde guraljak dabaralara, teatrlaşdyrylan çykyşlara, medeni-köpçülikleýin çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzyň ýeten derejesini wasp edýän dürli görnüşli täze eserleri yzygiderli döretmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — awgust aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 110,6 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 127,9 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 107,5 göterime deň boldy.

Logistika babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen iş toparlary döredildi hem-de olaryň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahat hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirilip, bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň, halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtady hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmak tabşyryldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe yzygiderli işler alnyp baryldy. Ikitaraplaýyn, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelendigi bellenildi.

Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny, şeýle-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iýul aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary boldy. 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi möhüm waka öwrüldi.

Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji iýunda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy bellärliklidir. Şeýle-de 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigi nygtaldy.

Parlamentleriň ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 12-nji maýda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bu ugurda möhüm ädim boldy.

Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýanwar — awgust aýlarynda bu ugurda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara ähmiýetli iri çärelere, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, maslahatlara, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýylyň başyndan bäri geçirilen kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Täze kanunlaryň taslamalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylýar. Degişli döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 37-si, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda notariat işine, ýerli öz-özüňi dolandyryş, sirk we sirk sungaty işleri bilen baglanyşykly kanunçylyk taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde daşary ýurtlaryň parlamentarileriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň 21-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine hem-de degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň 96-syna gatnaşdylar. Daşary ýurtlara iş saparlarynyň 12-si guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň goldawlary esasynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.

Türkmen parlamentarileri ýerlerde döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatyny, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek, şol sanda rejelenen görnüşli “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini we mazmunyny düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýärler.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen meýilnamalaýyn işler barada maglumat berdi.

Degişli döwürde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlarynyň birnäçesini amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şol iş saparlarynyň dowamynda welaýat hassahanalarynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hili, ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň okadylyşy, şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek, harby gullukçylar üçin döredilýän şertleri has-da gowulandyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, kabul edilen kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürdi we Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşmagy hem-de rejelenen görnüşli “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylar üçin ägirt uly ähmiýete eýe boldy.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine ýygy-ýygydan baryp, desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýar, guramaçylyk, usulyýet, hukuk goldawyny, gymmatly maslahatlaryny, görkezmelerini berýär.

Hasabat döwründe Halk Maslahatynyň agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen guralan duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri, halkara hukuk ulanyş tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalary we ölçegleri göz öňünde tutulyp kämilleşdirilýän döwletimiziň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini, görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar. Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her ýyla mynasyp at bermegiň asylly däbe öwrülendigini belledi. Eziz Watanymyz öz ösüşinde milli döwletliligiň ýörelgelerine daýanýar. Ösen döwleti döretmek hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek işinde täze belentliklere ýeten mähriban halkymyz bagtyýar zamananyň eşretini görüp ýaşaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümler bilen utgaşykly işiň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow